"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Bitaraplyk — parahatçylygyň şuglasy

Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak hemişe ýeňşe, gülläp ösüşlere alyp barýar. Parahatçylyk dünýäniň ähli halklarynyň göwün islegidir, arzuw-umydydyr. Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk bar ýerinde gülläp ösüş, erkana durmuş, bagtyýar ýaşaýyş bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredýän, gurýan halkymyz ýurt asudalygynda abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Bu gün baky Bitarap Watanymyz ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Munuň özi örän guwandyryjy hem buýsandyryjy hakykatdyr. Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen özara ynanyşmak syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň ajaýyp nusgasy boldy. Eziz Diýarymyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň buýsanjydyr, guwanjydyr. Bu babatdaky degişli Rezolýusiýanyň kabul edilen güni bolan 12-nji dekabryň bolsa Halkara Bitaraplyk güni hökmünde adamzat jemgyýeti tarapyndan dabaraly bellenilmegi bütin dünýäde parahatçylygy saklamakda bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär. Bu ugur ähli ýurtlaryň we halklaryň parahatçylyk we ösüş maksatlaryna, medeni-ynsanperwerlik gymmatlyklaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň ençeme asyrlaryň dowam

Goşa mukaddeslige buýsanç

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny goşa ganatyna deňeýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyna bolan beýik buýsanç bilen ýaşaýan halkymyz döredýär, gurýar. Ajaýyp ösüşler bilen röwşen geljege barýar. Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanan günlerinde «Garaşsyzlyk — bagtymyz» hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplaryny sowgat etdi. Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby her bir okyjyny, dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän taglymatlaryň manysyna giňişleýin düşünmäge, adamzadyň nurana geljegi babatda has çuň pikirlenmäge iterýär. hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hoşniýetli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp, gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Onuň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Kitaby okanyňda Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň goşa mukaddesligine Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna bolan buýsanjynyň çäksizdigine göz ýetirip, guwanýarsyň. Kitapdaky: «Biz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza buýsanç bilen ýaşaýarys, bu mukaddesliklerimizi goramak hem ösdürmek ugrunda tagalla edýäris» diýen ajaýyp sözlerde Arkadag

Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz üstünliklere beslenýär. Türkmenistan baky Bitaraplygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurduň, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýar, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.

Umumadamzat bähbidini nazarlap

Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň buýsanjydyr, mukaddesligidir. Çünki diňe parahatçylygyň bar ýerinde beýik ösüşleri, bagtyýar durmuşy gazanyp bolýar. Şonuň üçin hem parahatçylyk adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda goýulýar. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan bolsa adamlaryň bu gymmatlygyny mynasyp ösdürip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy ýaýýar. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Türkmen halky hemişe agzybirlige we özbaşdaklyga, dostana gatnaşyklara ymtylypdyr. Şu ýörelgeler beýleki halklar bilen gatnaşyklarda dostana hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda we alnyp barylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatynyň beýanydyr

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Parahatçylyk – dünýäniň daýanjy

Häzirki döwürde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň bähbidini aramagyň, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň ygtybarly esasyny düzýär. Adamzat taryhynda ikitaraplaýyn, düşünişmek ýagdaýynda ýola goýlan diplomatiýa gatnaşyklarynyň döwletleriň dürli ugurdaky ösüşini çaltlandyrandygyny taryhy maglumatlar aýdyň görkezýär. Taryhyň sapagy bu günki günüň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çözgüdini tapmak meselesinde ugur alynmaly, daýanylmaly çeşme bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmek, iki tarap üçin bähbitli bolan ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary giňeltmek ugrunda halkara ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Iki mukaddeslik bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär» diýip, döwletimiziň ýol-ýörelgesiniň millilige, ynsanperwerlige esaslanýandygyny belleýär.

Hemişelik Bitaraplyk — ynsanperwer ýörelge

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ilerlemegine itergi berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçen taryhy döwrüň dowamynda toplanan tejribe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik Bitaraplygyň milli we halkara ynamy doly ödändigini subut etdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine esaslanyp alyp barýan parahatsöýüjilikli, dostlukly syýasatynyň dabaralanmasydyr.

Beýik döwri beýik işler bezeýär

Tamamlanyp barýan 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tüýs adyna mynasyp ýyl hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň üçin delil hem kän, ýatlara wakalar hem. Özem tutuş ýyl hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz milli Lideri bilen halkara syýasatda işjeňligini artdyran ýyly boldy. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk derejämiz bize Garaşsyz döwlet hökmünde halkara syýasatda islendik mesele babatda öz sözümizi, garaýyşlarymyzy, başlangyçlarymyzy emin-erkin aýtmaga mümkinçilik berdi. Hut hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany dünýäde sözi diňlenýän döwletleriň birine öwürdi. Bitaraplyk bu gün täze many-mazmuna, wajyp ähmiýete eýe bolýan, dünýäde öz tarapdarlaryny barha artdyrýan syýasy gural bolmak bilen, onuň şeýlekin görnüşde kämilleşmegi hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan pähim-paýhasy, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrunda halkara guramalaryň duşuşyklarynda öňe süren başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bitaraplyk — baky bagtyň kepili

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygy dünýä parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasyny beren eziz Diýarymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini belende göterýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň bu belent derejä eýe bolmagynyň 26 ýyllygy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň yzygiderli esasda ösdürilýän daşary syýasaty Ýer ýüzünde ynsanperwer, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýan Türkmenistanyň täze belentliklere ýetmegine ýol açýar. Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti barada: «Parahatçylykly gadamlarymyzy amala aşyrmakda Bitaraplyk biziň üçin iň wajyp ähmiýete eýedir. Bitaraplyk biziň üçin durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň möhüm esasy bolup hyzmat edýär» diýip belleýär. Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy döwürde öz üstüne alan borçlaryna doly eýerip gelýändigini hem aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Biziň döwletimiz bu taryhy derejä eýe bolan pursadyndan başlap, özüniň ylalaşdyryjylyk hereketleri we gadamlary bilen türkmen Bitaraplygynyň hemişelikdigini we oňynlygyny, ykrar edilendigini tutuş dünýä subut etdi» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny we onuň çäklerinde birnäçe iri taslamalary üst

Dostluga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan bäri geçen menziline nazar aýlanymyzda, ýurdumyzyň örän uly işleri durmuşa geçirendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Halklaryň, ýurtlaryň bähbidine gönükdirilen işler sanardan köp. Şonuň üçinem uly ösüşler bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýam, şan-şöhratam, mertebesem belent. Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň alyp barýan işleri sebitiň çygryndan çykyp, bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. ªol asylly işleriň hatarynda özara bähbitli hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti asylly maksatlara gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de berkitmekde täze sahypalary ýazdy. Bu halkara forumy abraýly gurama agza döwletleriň durmuşynda taryhy waka hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Sebäbi ol diňe bir YHG-a agza döwletleri däl, eýsem, beýleki ýurtlary hem degişli ugurlarda ösdürmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, hoşniýetli, dostlukly hem-de işewür gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Baky abadançylyk

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi.  «Bitaraplyk  — baky abadançylyk» diýen at bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilen ynsanperwer döwlet syýasatynda barha rowaçlyklara beslenýän oňyn bitaraplyk  ýörelgeleri dünýä halklarynyň bähbitlerinden ugur alýar. Şol esasdan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär.

Berkararlyk, bagtyýarlyk binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçen eziz halkymyzyň toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýar. Arkadagly Watanymyzda mähriban il-ulsumyz ýene bir şöhratly senäni — baky Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyny garşy alýar. Dünýä ýüzüne ýaň salýan Halkara Bitaraplyk gününe barha golaýlaşdyrýan her bir günümiz taryhy ähmiýetli ajaýyp wakalara, buýsançly dabaralara beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýiti öňdengörüjilikli,   paýhasly syýasaty netijesinde ýetilen ägirt uly ösüşler, guwandyryjy üstünlikler hemişelik Bitaraplygymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Çünki, beýik işlerimiz baky Bitaraplyk taglymatymyzdan gözbaş alyp, ýollarymyza, ykballarymyza nuruny çaýýar.

Ýurdumyzyň mizemez binýady

Golaýda «Mary» myhmanhanasynda TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda «Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletiň daşary syýasatynyň esasydyr» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň edara--kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanan maslahatda TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň eziz Watany, mähriban halky üçin durmuşa geçirýän beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuwlap, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan ýurdumyzyň binýadynyň mizemezdigi hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Köňülleriň joşguny

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toýy golaýlap gelýär. Bu ajaýyp baýramçylyk hemmeleriň köňüllerini joşdurýar. Bitaraplyk baýramy mynasybetli kalplary hyjuwdan doly Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz günsaýyn bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyk dabarasy türkmen halkynda ruhy joşguny kemala getirýär. Şanly senelerimiziň biri bolan Halkara Bitaraplyk güni ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde aýdym-sazly dabaralar bilen baýram ediler.

Bitaraplyk — milli mukaddeslik

Taryhy wakalara baý bolan 2021-nji, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda asudalygyň, abadanlygyň höküm sürmegi, halkara we sebit ähmiýetli amala aşyrylýan taslamalar, öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýdy. Milli Liderimiz özüniň egsilmez gujur-gaýraty, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen taryhy işleri amala aşyrýar.

Bagt kuýaşy

Milli taryhymyzyň şan-şöhrata beslenen sahypalaryna nazar aýlanymyzda, ata-babalarymyzyň goňşy döwletler hem-de halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, asuda ýaşaýşa möhüm ähmiýet berendigine göz ýetirýäris. Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik taryha, maddy we ruhy gymmatlyklara eýe bolan halkdygyndan habar berýär. Bu gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasada ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatyna daýanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Abadançylygyň täsirli guraly

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň birnäçe komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň fewralynda bolan 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Kararnamada ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplan parahatçylyk döredijilikli tejribesi öz beýanyny tapdy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly itergi berdi. BMG bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä esaslanmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýin esaslara daýanýan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe maslahatlarynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem başlyklyk edýär. Ýakynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hormatly Prezidenti

Bagtyýarlyk şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlere, özgerişlere gönükdirilen parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden belende galýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bolsa häzirki wagtda parahatçylyk we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindäki şähere öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri halkymyzyň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrýar. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan we uly gyzyklanma bildirilen üstünlikli syýasy diplomatiýasy bolup, häzirki we geljekki ösüşlerimiziň rowaçlanmasyna aýdyň ýollary açýar.

Dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkidip

Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden, pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak işinde ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, bu guramanyň ýörelgelerini halkara bileleşik bilen özara gatnaşyklara doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpli ösdürdi.

Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­ly­gy — umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň dürli döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiziň özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmagy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.