Bitaraplyk — baky bagtyň kepili

1 Dekabr 2021
1069

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygy dünýä parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasyny beren eziz Diýarymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini belende göterýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň bu belent derejä eýe bolmagynyň 26 ýyllygy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň yzygiderli esasda ösdürilýän daşary syýasaty Ýer ýüzünde ynsanperwer, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýan Türkmenistanyň täze belentliklere ýetmegine ýol açýar.

Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti barada: «Parahatçylykly gadamlarymyzy amala aşyrmakda Bitaraplyk biziň üçin iň wajyp ähmiýete eýedir. Bitaraplyk biziň üçin durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan işleriň möhüm esasy bolup hyzmat edýär» diýip belleýär. Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy döwürde öz üstüne alan borçlaryna doly eýerip gelýändigini hem aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Biziň döwletimiz bu taryhy derejä eýe bolan pursadyndan başlap, özüniň ylalaşdyryjylyk hereketleri we gadamlary bilen türkmen Bitaraplygynyň hemişelikdigini we oňynlygyny, ykrar edilendigini tutuş dünýä subut etdi» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny we onuň çäklerinde birnäçe iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Orazberdi ŞALLYÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar