Baky abadançylyk

1 Dekabr 2021
1016

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi.  «Bitaraplyk  — baky abadançylyk» diýen at bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilen ynsanperwer döwlet syýasatynda barha rowaçlyklara beslenýän oňyn bitaraplyk  ýörelgeleri dünýä halklarynyň bähbitlerinden ugur alýar. Şol esasdan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär.

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar