Bagtyýarlyk şuglasy

1 Dekabr 2021
970

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlere, özgerişlere gönükdirilen parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden belende galýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bolsa häzirki wagtda parahatçylyk we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindäki şähere öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri halkymyzyň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrýar. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan we uly gyzyklanma bildirilen üstünlikli syýasy diplomatiýasy bolup, häzirki we geljekki ösüşlerimiziň rowaçlanmasyna aýdyň ýollary açýar.

Mährijemal ŞAMMYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar