Bagt kuýaşy

1 Dekabr 2021
1082

Milli taryhymyzyň şan-şöhrata beslenen sahypalaryna nazar aýlanymyzda, ata-babalarymyzyň goňşy döwletler hem-de halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, asuda ýaşaýşa möhüm ähmiýet berendigine göz ýetirýäris. Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar.

Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik taryha, maddy we ruhy gymmatlyklara eýe bolan halkdygyndan habar berýär. Bu gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasada ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatyna daýanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar