Hemişelik Bitaraplyk — ynsanperwer ýörelge

2 Dekabr 2021
1018

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ilerlemegine itergi berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen taryhy döwrüň dowamynda toplanan tejribe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik Bitaraplygyň milli we halkara ynamy doly ödändigini subut etdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine esaslanyp alyp barýan parahatsöýüjilikli, dostlukly syýasatynyň dabaralanmasydyr.

Tirkiş SUWHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy.
Beýleki habarlar