Berkararlyk, bagtyýarlyk binýady

1 Dekabr 2021
1042

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçen eziz halkymyzyň toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýar. Arkadagly Watanymyzda mähriban il-ulsumyz ýene bir şöhratly senäni — baky Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyny garşy alýar. Dünýä ýüzüne ýaň salýan Halkara Bitaraplyk gününe barha golaýlaşdyrýan her bir günümiz taryhy ähmiýetli ajaýyp wakalara, buýsançly dabaralara beslenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýiti öňdengörüjilikli,   paýhasly syýasaty netijesinde ýetilen ägirt uly ösüşler, guwandyryjy üstünlikler hemişelik Bitaraplygymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Çünki, beýik işlerimiz baky Bitaraplyk taglymatymyzdan gözbaş alyp, ýollarymyza, ykballarymyza nuruny çaýýar.

Gulatar GAZAKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar