Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­ly­gy — umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy

30 Noýabr 2021
1425

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň dürli döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Döwletimiziň özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmagy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Tekemyrat AMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar