Bitaraplyk — parahatçylygyň şuglasy

2 Dekabr 2021
1095

Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak hemişe ýeňşe, gülläp ösüşlere alyp barýar. Parahatçylyk dünýäniň ähli halklarynyň göwün islegidir, arzuw-umydydyr. Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk bar ýerinde gülläp ösüş, erkana durmuş, bagtyýar ýaşaýyş bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredýän, gurýan halkymyz ýurt asudalygynda abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Bu gün baky Bitarap Watanymyz ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Munuň özi örän guwandyryjy hem buýsandyryjy hakykatdyr.

Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen özara ynanyşmak syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň ajaýyp nusgasy boldy. Eziz Diýarymyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň buýsanjydyr, guwanjydyr. Bu babatdaky degişli Rezolýusiýanyň kabul edilen güni bolan 12-nji dekabryň bolsa Halkara Bitaraplyk güni hökmünde adamzat jemgyýeti tarapyndan dabaraly bellenilmegi bütin dünýäde parahatçylygy saklamakda bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär. Bu ugur ähli ýurtlaryň we halklaryň parahatçylyk we ösüş maksatlaryna, medeni-ynsanperwerlik gymmatlyklaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlary dünýä bileleşiginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar