Parahatçylyk – dünýäniň daýanjy

2 Dekabr 2021
1113

Häzirki döwürde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň bähbidini aramagyň, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň ygtybarly esasyny düzýär. Adamzat taryhynda ikitaraplaýyn, düşünişmek ýagdaýynda ýola goýlan diplomatiýa gatnaşyklarynyň döwletleriň dürli ugurdaky ösüşini çaltlandyrandygyny taryhy maglumatlar aýdyň görkezýär. Taryhyň sapagy bu günki günüň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çözgüdini tapmak meselesinde ugur alynmaly, daýanylmaly çeşme bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmek, iki tarap üçin bähbitli bolan ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary giňeltmek ugrunda halkara ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Iki mukaddeslik bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär» diýip, döwletimiziň ýol-ýörelgesiniň millilige, ynsanperwerlige esaslanýandygyny belleýär.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar