"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Arkadagly watanymyz berkarar

Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň halkara abraý-mertebesidir, buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgämize esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty esasynda döwletimiziň halkara at-abraýy bu günki gün has-da belende galýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan nobatdaky ykrar edilmesidir. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty umumadamzat bähbitlidir. Şundan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 71-nji mejlisiniň çäklerinde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran ýörite çözgüdi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde ýokary abraýynyň hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky gezek ählumumy ykrar edilmesi boldy.

Hemişelik Bitaraplyk - baky bagtymyz

Hormatly Arkadagymyzyň çuňňur parasaty bilen hemişelik Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti has-da artdy. Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir ýetirýän türkmeniň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk, ykdysady, ynsanperwer we hukuk ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda durýar. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi biragyzdan ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasy ikinji gezek ykrar edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy aýratyn orny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz şol taryhy çykyşynda her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip bellemegi teklip etdi. 2017-nji ýylyň fewralynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabr — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Esasy

Ynsanperwerlik ýörelgeleri

Hemişelik Bitaraplyk Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň nusgalyk görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de, dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegi üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugry hem Konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Bitarap döwletimiziň BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy hem bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany we daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözülmegi, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki u

Berkarar döwletimiz — buýsanjymyz

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk taglymatlary türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlygy hökmünde asyrlaryň jümmüşinden gaýdyp, onuň dünýägaraýşyny, syýasy paýhas-parasatyny kemala getirdi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Berkarar döwlet istärin» diýip, türkmen halkynyň köňül arzuwlaryny goşgularynda beýan etdi. Bu ählihalk meýilleri türkmen döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra durmuş hakykatyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň esasydyr. Berkarar döwletimiziň goşa ganatydyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr» diýip nygtaýar.

Şanly senäniň şanyna

Mähriban Arkadagymyzyň daşyna pugta jebisleşen türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bu günki gün ýurdumyzyň we gözel paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli edara-kärhanalarda baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Golaýda gözel paýtagtymyzyň «Gül zemin» söwda dynç alyş merkezinde Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk — dessanym, gülle, Türkmenistanym!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler gatnaşdylar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri, içeri we daşary syýasaty, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, halklary has-da jebisleşdirmäge gönükdirýän syýasaty barada bellenildi. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýörelgeleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynda öz beýanyny tapýar. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynda hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigi barada aýratyn durup geçdiler. Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde baky Bitaraplygy

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

ATA WATAN BITARAP Beýik Biribaryň nazaryn salan,Türkmenistan — ata Watan Bitarap.Waspyny ýazmaga ýetişmez galam,Türkmenistan — ata Watan Bitarap.

Ýylyň döwrüň ruhuna kybap şygary

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe garşy alynýan her bir ýyla täze, mynasyp şygaryň berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de şol ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçip barýan ýylda milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmekde guwandyryjy işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan ajaýyp wakalaryň, zähmet ýeňişleriniň, ýokary üstünlikleriň ýyly bolup taryha girýär. Bu gün halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda Täze ýyly nurana arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geljek ýylyň şygary boýunça döwrüň ruhuna kybap gelýän teklipler öwrenildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar geçirildi. ªolaryň barşynda täze — 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljek 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar bilen atlandyrmak baradaky teklip maslahatlara gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy. Bu şygar

Ruhubelentlige beslendi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirdik. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň ähmiýeti, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri dogrusynda gürrüňler edildi. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy hem-de bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Dostlukly gatnaşyklaryň mesgeni

Toýlary toýlara ulaşýan agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şanly senesini — Halkara Bitaraplyk gününi dünýä derejesinde baýram edýär. Bu ajaýyp baýram diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, bütin dünýä döwletlerinde hem bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de dünýä derejesinde ählumumy ösüş bilen bagly möhüm meseleleri çözmekde alyp barýan işlerine halkara bileleşikde örän ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýän bu ýagdaý ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. «Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň binýadynda ýurdumyzyň parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky gazananlary aýdyň ýüze çykdy» diýip, milli Liderimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda ýazýar. Hawa, hemişelik Bitaraplygymyz ýurtlar bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde umumymilli bähbitleri nazarlaýan başlangyçlara giň ýol açdy. Ýurdumyzyň döwletara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga goşant goşmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Çagalaryň toý sowgady

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli çeperçilik mekdebimizde guralan «Bitarapdyr ýurdum şanly‑şöhratly» atly sergi ýaş zehinleriň baýramçylyk sowgady boldy. Onda Hazar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň nakgaş eserleri görkezildi. Hazarly çagalaryň ata Watanymyzyň ösüşlerini, merjen şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, milli däp-dessurlarymyzy, türkmen toýlaryny, ýelden ýüwrük bedewlerimizi, wepaly alabaýlarymyzy wasp edip çeken suratlaryny synlanyňda, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlaryň kemala gelýändigine göz ýetirýärsiň. Mekdebiň nakgaş mugallymy Soltansanjar Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň okuwçylary L.Aşyrberdiýewanyň «Türkmen sazy», R.Taganowyň «Toý», S.Arazgurbanowanyň «Ýaglyga towusmak», N.Arazgurbanowanyň «Türkmen mukamy», A.Yzmaýilowanyň «Gülle, Türkmenistanym, meniň», F.Akberowanyň «Bitarap Türkmenistan — dostluk mekany», A.Pisarenkonyň «Medeniýet» atly eserleri özboluşlylygy bilen  tapawutlanýarlar. Mozaika monumental nakgaşçylygyň bir görnüşi bolup, ol, esasan hem, binanyň daş ýüzünde reňkli aýna bölejiklerinden düzülen eserdir. A.Weliýewanyň sergide görkezilen «Türkmen Tugy» atly mozaika eseri şowly çykypdyr. Çagalaryň arasynda bu sungatda eser döredýänleriň bardygy bizi buýsandyrýar.

Buýsanjymyza buýsanç goşýan baýram

Mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halkymyzyň agzybir, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, işlemegi, gurmagy, döretmegi, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilen zamanasynda uly dabaralar bilen bellenilýän seneleriň biri-de Halkara Bitaraplyk günüdir. Pederlerimiz parahatçylygy, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, ynanyşmagy hemişe esasy ýörelgeler edinip gelipdirler. Türkmen Bitaraplygy hem hut şu ýörelgeler esasynda barha rowaçlyga beslenýär. Halkymyz Bitaraplygyň beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlygy berkitmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçiliklere eýedir.

Bitaraplyk — dilde dessan

Esenguly etrap häkimliginiň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» ady bilen guran dabaraly maslahaty milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly baýrama — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşleri hem-de bagtyýarlyk döwrümizde ýeten belent sepgitleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Bitaraplyk — buýsanjymyz-bagtymyz

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesi Türkmenistanyň döwlet Energetika instituty bilen bilelikde institutyň mejlisler jaýynda “Bitaraplyk — biziň buýsanjymyz hem bagtyýar geljegimiz” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýna Saryýewa, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň uly habarçysy Şemşat Saýlyýewa hem-de institutyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Perman Halmyradow çykyş etdiler. Çärede çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden başlap, Ýer ýüzünde adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary babatyndaky alnyp barylýan ençeme işler dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda, milli Liderimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

Toýlary-toýlara ulaşýan Diýarym Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Watanymyzyň oňyn syýasaty

Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015- -nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýalar biziň hukuk derejämizi ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi, şeýle-de halkyň meýletin erk-islegi we milli kanunçylygynda hukuk taýdan berkidilmegi esasynda eýe boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara işlere gatnaşmagynyň ýokary derejesi we dünýäde barha artýan orny ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky işini hukuk taýdan üpjün etmegi, bu babatda kanunçylygy ösdürmegi we yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryndan ugur alnyp hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk güni

«7/24.tm», № 49 (80), 06.12.2021  Ýaşlar ata Watanymyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagy baradaky ýürek buýsançlaryny ýollaýarlar. Şeýle hatlaryň birini talyp ýigit Ilmyrat Durdyýew iberipdir.

Hemişelik Bitaraplyk — ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk türkmenistanlylaryň her birini buýsandyrýar. Türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde alysdaky dostlar we ýakyn goňşular bilen hoşmeýilli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär. Soňky çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi. Merkezi Aziýada asudalygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkarar etmek babatda halkara tagallalara goşulyşmak bilen, konstruktiw gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylygy goraýyş mümkinçilikleri Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýär. Şunda oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy düzgünleridir ýörelgeleri berk berjaý edilýär.

Berkararlyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde bütin dünýäde şan-şöhrata eýedir. Baky Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki arşa göterilen abraýy ählimizi buýsandyrýar. Bu ýyl ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 26 ýyl dolýar. Geçen ýyllar içinde döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere ýetmegini üpjün etmäge gönükdirilen uly taslamalar durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär hem-de halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Şoňa görä-de, dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýy barha belende göterilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesi — Ösüş maksatnamasy, Bosgunlaryň işleri baradaky ýokary Komissaryň müdirligi, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we beýleki edaralar hemişeli

Halkyň Arkadagly zamanasy — bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly

Adam hak­da ala­da, ra­ýat ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hem-de döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li we pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň, giň möç­ber­li, kö­pu­gur­ly mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri bo­lup dur­ýar. Sar­pa­sy be­lent Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gy­jy bi­len, «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin döw­let mak­sat­na­ma­sy», bu Mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Bu­la­ryň äh­li­si ýaş­lar­da Wa­ta­ny­my­za bo­lan be­ýik buý­san­jy ter­bi­ýe­le­ýär, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­ýar.

Bi­ta­rap­lyk — buý­san­jy­myz

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň her bir gü­ni pa­ra­hat­çy­ly­ga, asu­da­ly­ga bes­len­ýär. Her bir hal­kyň, ýat­dan cyk­ma­jak şan­ly wa­ka­la­ry bol­ýar. Türk­men hal­ky­nyň hem ta­ry­hyn­da ýat­dan çyk­ma­jak, ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­an pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri we däp­le­ri döw­le­ti­mi­ziň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni bo­lup dur­ýar. 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­leýa­sy­nyň 46-njy ses­si­ýa­sy­nyň 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň bu Gu­ra­ma­nyň deň­hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­ýän­di­gi ha­kyn­da ka­rar ka­bul edil­di. Ag­za ýurt­la­ryň her bi­ri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Düz­gün­na­ma­syn­da be­ýan edi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan şert­le­ri öz üs­tü­ne borç edip al­ýar. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 185 döw­le­tiň, şeý­le hem 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Re­zol­ýu­si­ýasyny iki gezek ka­bul etdi. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra