Bitaraplyk — buýsanjymyz-bagtymyz

6 Dekabr 2021
911

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesi Türkmenistanyň döwlet Energetika instituty bilen bilelikde institutyň mejlisler jaýynda “Bitaraplyk — biziň buýsanjymyz hem bagtyýar geljegimiz” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýna Saryýewa, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň uly habarçysy Şemşat Saýlyýewa hem-de institutyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Perman Halmyradow çykyş etdiler.

Çärede çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden başlap, Ýer ýüzünde adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary babatyndaky alnyp barylýan ençeme işler dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda, milli Liderimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Beýleki habarlar