Şanly senäniň şanyna

6 Dekabr 2021
882

Mähriban Arkadagymyzyň daşyna pugta jebisleşen türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bu günki gün ýurdumyzyň we gözel paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli edara-kärhanalarda baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Golaýda gözel paýtagtymyzyň «Gül zemin» söwda dynç alyş merkezinde Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk — dessanym, gülle, Türkmenistanym!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler gatnaşdylar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri, içeri we daşary syýasaty, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, halklary has-da jebisleşdirmäge gönükdirýän syýasaty barada bellenildi. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýörelgeleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynda öz beýanyny tapýar.

Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynda hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigi barada aýratyn durup geçdiler. Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde baky Bitaraplygymyzy, ýurt Garaşsyzlygymyzy asuda, abadan Diýarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar