Watanymyzyň oňyn syýasaty

6 Dekabr 2021
832

Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015- -nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýalar biziň hukuk derejämizi ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi, şeýle-de halkyň meýletin erk-islegi we milli kanunçylygynda hukuk taýdan berkidilmegi esasynda eýe boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara işlere gatnaşmagynyň ýokary derejesi we dünýäde barha artýan orny ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky işini hukuk taýdan üpjün etmegi, bu babatda kanunçylygy ösdürmegi we yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryndan ugur alnyp hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Beýleki habarlar