Berkarar döwletimiz — buýsanjymyz

6 Dekabr 2021
1080

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk taglymatlary türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlygy hökmünde asyrlaryň jümmüşinden gaýdyp, onuň dünýägaraýşyny, syýasy paýhas-parasatyny kemala getirdi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Berkarar döwlet istärin» diýip, türkmen halkynyň köňül arzuwlaryny goşgularynda beýan etdi. Bu ählihalk meýilleri türkmen döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra durmuş hakykatyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň esasydyr. Berkarar döwletimiziň goşa ganatydyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr» diýip nygtaýar.

Maýagözel HOJALYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar