Buýsanjymyza buýsanç goşýan baýram

6 Dekabr 2021
931

Mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halkymyzyň agzybir, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, işlemegi, gurmagy, döretmegi, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilen zamanasynda uly dabaralar bilen bellenilýän seneleriň biri-de Halkara Bitaraplyk günüdir.

Pederlerimiz parahatçylygy, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, ynanyşmagy hemişe esasy ýörelgeler edinip gelipdirler. Türkmen Bitaraplygy hem hut şu ýörelgeler esasynda barha rowaçlyga beslenýär. Halkymyz Bitaraplygyň beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlygy berkitmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçiliklere eýedir.

Gülşat ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar