Çagalaryň toý sowgady

6 Dekabr 2021
879

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli çeperçilik mekdebimizde guralan «Bitarapdyr ýurdum şanly‑şöhratly» atly sergi ýaş zehinleriň baýramçylyk sowgady boldy. Onda Hazar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň nakgaş eserleri görkezildi. Hazarly çagalaryň ata Watanymyzyň ösüşlerini, merjen şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, milli däp-dessurlarymyzy, türkmen toýlaryny, ýelden ýüwrük bedewlerimizi, wepaly alabaýlarymyzy wasp edip çeken suratlaryny synlanyňda, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlaryň kemala gelýändigine göz ýetirýärsiň. Mekdebiň nakgaş mugallymy Soltansanjar Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň okuwçylary L.Aşyrberdiýewanyň «Türkmen sazy», R.Taganowyň «Toý», S.Arazgurbanowanyň «Ýaglyga towusmak», N.Arazgurbanowanyň «Türkmen mukamy», A.Yzmaýilowanyň «Gülle, Türkmenistanym, meniň», F.Akberowanyň «Bitarap Türkmenistan — dostluk mekany», A.Pisarenkonyň «Medeniýet» atly eserleri özboluşlylygy bilen  tapawutlanýarlar.

Mozaika monumental nakgaşçylygyň bir görnüşi bolup, ol, esasan hem, binanyň daş ýüzünde reňkli aýna bölejiklerinden düzülen eserdir. A.Weliýewanyň sergide görkezilen «Türkmen Tugy» atly mozaika eseri şowly çykypdyr. Çagalaryň arasynda bu sungatda eser döredýänleriň bardygy bizi buýsandyrýar.

Maksat ÝOLAMANOW,
Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar