Ýylyň döwrüň ruhuna kybap şygary

6 Dekabr 2021
871

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe garşy alynýan her bir ýyla täze, mynasyp şygaryň berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de şol ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçip barýan ýylda milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmekde guwandyryjy işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan ajaýyp wakalaryň, zähmet ýeňişleriniň, ýokary üstünlikleriň ýyly bolup taryha girýär.

Bu gün halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda Täze ýyly nurana arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geljek ýylyň şygary boýunça döwrüň ruhuna kybap gelýän teklipler öwrenildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar geçirildi. ªolaryň barşynda täze — 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljek 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar bilen atlandyrmak baradaky teklip maslahatlara gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy. Bu şygar halkymyzy, Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Laçyn BEGZADAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar