Ruhubelentlige beslendi

6 Dekabr 2021
1005

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirdik. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň ähmiýeti, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri dogrusynda gürrüňler edildi. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy hem-de bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Döwran MAGTYMOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy. Surata düşüren Alýona Pakulowa.
Beýleki habarlar