Berkararlyk binýady

5 Dekabr 2021
950

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde bütin dünýäde şan-şöhrata eýedir. Baky Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki arşa göterilen abraýy ählimizi buýsandyrýar. Bu ýyl ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 26 ýyl dolýar. Geçen ýyllar içinde döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere ýetmegini üpjün etmäge gönükdirilen uly taslamalar durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär hem-de halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Şoňa görä-de, dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýy barha belende göterilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesi — Ösüş maksatnamasy, Bosgunlaryň işleri baradaky ýokary Komissaryň müdirligi, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we beýleki edaralar hemişelik esasda işleýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň esas goýujy resminamalaryna goşulmagy, halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy netijesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer babatda halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Aman AMANOW,
Tejen etrap, şäher kazyýetiniň kazyýet kätibi.
Beýleki habarlar