Dostlukly gatnaşyklaryň mesgeni

6 Dekabr 2021
940

Toýlary toýlara ulaşýan agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şanly senesini — Halkara Bitaraplyk gününi dünýä derejesinde baýram edýär. Bu ajaýyp baýram diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, bütin dünýä döwletlerinde hem bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de dünýä derejesinde ählumumy ösüş bilen bagly möhüm meseleleri çözmekde alyp barýan işlerine halkara bileleşikde örän ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýän bu ýagdaý ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

«Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň binýadynda ýurdumyzyň parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky gazananlary aýdyň ýüze çykdy» diýip, milli Liderimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda ýazýar. Hawa, hemişelik Bitaraplygymyz ýurtlar bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde umumymilli bähbitleri nazarlaýan başlangyçlara giň ýol açdy. Ýurdumyzyň döwletara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga goşant goşmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Seýitmämmet ÝUSUBOW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar