"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Rowaçlygyň aýdyň beýany

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň, oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Bitaraplyk biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soňra gazanan gymmatlygymyzdyr, buýsanjymyzdyr, derejämizdir, mertebämizdir. Ol diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem ähli adamzat jemgyýeti üçin ähmiýetlidir. Muny baky Bitaraplygymyzy gazananymyzdan soňra geçen ýyllaryň dowamynda halkara gatnaşyklarynda gazanylan üstünlikler aýdyňlygy bilen subut etdi. Hormatly Prezidentimiz: «Ýer ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmek hormatyna eýe bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. Baky Bitaraplygymyz bu günki gün türkmen gudraty bolup dünýä dolýar, adamzada ýagty geljegiň, asuda, parahat durmuşyň aýdyň ýollaryny salgy berýär.

Parahatçylygyň kepili

Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir türkmen halkymyzyň bähbitlerine gulluk etmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä döwletleriniň ösüş arkaly parahatçylykly ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Halkymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap ýurtda asuda asmanyň astynda agzybirlikde, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlykda ýaşaýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmek we goldamak baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Milletler Birleşigine agza bolan 185 döwletiň biragyzdan tassyklan bu resminamasy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdigini dünýä jar etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi. Bu şatlykly habar türkmen döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmasy bolup, dünýä ýaň saldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň saldamly goş

Bitaraplyk — baky abadançylyk

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň goldamagynda Türkmenistanyň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň täze guralynyň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn netijeleri bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitaraplyk häzirki we geljekki abadan ösüşimiziň aýdyň kepilidir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak bilen baglanyşykly meselelerde döwletiň işjeň garaýşyny aňladýar. Bu ýagdaý Bitaraplygyň ylalaşyk we dünýä bileleşigine goşulyşmagyň maksady we şol bir wagtda serişdesi bolup durýandygyny alamatlandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy

Rowaçlyga tarap ýol

Halkara hukugynda bar bolan kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, möhleti boýunça — çäklendirilmedik bolup, dartgynlylyk döwründe hem, asuda döwürde hem hereket edýär. Bitaraplygymyzyň 26 ýyly diňe türkmen döwletiniň daşary syýasy durmuş ukyplylygyna baha bermäge, saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna düşünmegi däl-de, eýsem, «Türkmenistanyň Bitaraplygy» diýen derejäniň mazmunynyň çuňlugyny beýan edýär. «Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bitaraplyk instituty döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygynyň goralmagyna we has-da berkidilmegine ýardam edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň içeri we daşary syýasatynda üýtgewsiz we takyk kybap gelmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylyk dessany

Dünýä ýüzünde iň ajaýyp ýol nesilleriň nesillere rowa görýän ýoly. Türkmen Bitaraplygynyň aýdyň alamatlary bolsa halkymyzyň milli häsiýetinde, emer-damarynda ýaşaýar. Oguz handan gaýdýan milli ýörelgesinde ýaşaýar. Oguz hanyň alty oglunyň aňyna we ganyna guýan agzybirlik, degmedige degmezlik, şäherleri talamazlyk we ejizlere sütem etmezlik, mümkinçiligi bolan halatynda, meseläni uruş-dawasyz çözmek, gatnaşygyň gerimini giňeltmek ýörelgeleriniň süňňündäki ynsanperwerlik türkmen Bitaraplygynyň özenindäki şamçyragdyr. Oguznamalardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen ynsanperwerligi «Kitaby dädem Gorkudyň», «Göroglynyň» ýörelgelerine öwrülipdir. Şahyr göwni käte-käte heňňamlara seýle gider,Kalby pikirden püre-pür, duýgulary gaýmagydyr,Ynsanperwer halkymyzyň gözbaşynda — Oguz peder,«Il bilen il bolmak» ýoly gadym türkmen saýlawydyr.Topragy tymsaldan doly, baýdyr taryhy dükany.

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Üç sütüni döwlet berkararlygnyň,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!Kepilidir halkyň bagta ýarlygnyň,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag! Gadymy ýodany öwürip ýola,Hak işleri bilen kalplara do:la,Dost-doganlyk ýolun saldy sag-sola,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag!

Bitaraplyk

Ösüşleri bilen dünýä ýaň bolan,Watanmyza bakan  dostlaň gözi sen.Dünýäň belent münberinde ýaňlanan,Arkadagymyzyň sözlän sözi sen. Sen türkmene owal başdan berilen,Hoşniýetli ýörelgeleň dowamy.Hemişelik Bitaraplyk — halklaryňBile urýan ýüreginiň owazy.

Bu gün Bitaraplygyň şanly baýramy, toýy

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — ýurduň goşa ganaty,Agyzlaryň birliginde döwrümiziň halaty,Islegimiz Ýer ýüzüniň saglygy, salamaty,Türkmen ynsanperwerligi — nusgalyk asyrboýy,Bu gün Bitaraplygyň şanly baýramy, toýy. Parahatlyk ýörelgämiz halkyň ýagty geljegi,Dost-doganlyk gymmatynyň ýokdur çägi-ölçegi,Toý donuna beslenipdir Watanyň her künjegi,Türkmen ynsanperwerligi — nusgalyk asyrboýy,Bu gün Bitaraplygyň şanly baýramy, toýy.

Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň özeninde milli ýörelgelerimiz durandyr. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň rowaçlanmagy ugrundaky taryhy hyzmatlary, ilkinji nobatda, döwletimiziň şu halkara hukuk derejesine daýanýar. Munuň özi dünýäni parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän syýasatdyr. Bu syýasatyň özeninde, hakykatdan-da, halkymyzyň ýaşaýşyň düzgün-kadasyna öwrülen päkize arzuw-umytlary, gowy gylyk-häsiýetleri, kämil dünýägaraýşy, däp-dessurlary durandyr. Hormatly Prezidentimiziň parasat hem zehin siňdirip döreden kitaplarynda, edil şonuň ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda bular barada düýpli pikir ýöredilýär. Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň milli kökleri barada aýdanda, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyzyň töwellaçylyk däbini hem ýatlap, ine, şeýle belleýär: «Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Töwella etmek bilen uly ýalňyşlyklaryň öňi alynýar, her ýagdaý haýyr işe tarap ugrukdyrylýar. Töwellaçylyk işi iki adamyň arasyndaky ýagdaýdan başlap, uly we has uly meselelere, ýurtlaryň arasyndaky meselelere çenli aralaşyp, ol meseleleri çözmegiň möhüm guraly bolup, halkara diplomatiýa derejelerine çenli ösüp, kämilleşip, hyzmat edip gelendir».

Parahatçylyk ýörelgesi

Türkmenistan halkara giňişlikde hemişelik bitaraplyk derejesine eýerýän daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, ylalaşygy saklamak we pugtalandyrmak, döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugyň ykrar edilen ýörelgelerine, kadalaryna ygrarly bolmak ýaly başlangyçlar döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýär. 2007-nji ýylda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy halkara ulgamdaky ilkinji tejribe bolup, onuň ýurdumyzda döremeginiň düýpli syýasy we ykdysady-geografik esaslary bardyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezini Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durmuşa geçirmek baradaky konseptual ideýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürüldi.

Parahatçylygy pugtalandyrýan ýörelge

Bitaraplyk — parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk. Bu — ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän türkmen ýörelgesi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilen güni şöhratly taryhymyza ýazylan ajaýyp seneleriň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň bu hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki möhüm orny hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary içinde has-da aýdyň ýüze çykdy.

Oňyn Bitaraplygyň türkmen ykdysady gudraty (Halkara Bitaraplyk gününe)

Parahatçylyk. Howpsuzlyk. Durnukly ösüş. Bu düşünjeler barha globallaşýan we siwilizlenýän XXI asyrda umumadamzat abadançylygyny, rowaçlygyny gazanmagyň berk binýadyny goýýan hökmany şertler. Olaryň türkmen Bitaraplygynyň esasyny düzýändigini nazara alsak, oňyn bitaraplyk syýasatymyzyň diňe bir milli bähbitlere däl-de, tutuş adamzadyň ählumumy ösüşine gulluk edýändigine düşünmek bolar. Muny Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň geoykdysady tebigaty, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň amala aşyrýan geljegi uly ykdysady we parahatçylygy dörediji möhüm iri taslamalary doly delillendirýär. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi hem şeýle ähmiýetli taslamalaryň hataryna girýär.

Bagtyň baýramy

Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine subut eden ýurdumyz, bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak hem-de özara bähbitli gatnaşyk etmek ýaly ýörelgelere pugta eýermek arkaly, milli köklerimizden gaýdýan däpleri dünýä çykardy. Taryhyň uzak menzillerinde berkarar döwlet islän halk, islegine ýetdi. Arzuwlar wysal boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň ak bagtynyň jylawy halkyň öz eline geldi. Garaşsyzlyk bagtynyň kalplarymyza köwsarladan erkinlik şemaly täze kemala gelen türkmen döwletine — Garaşsyz Türkmenistana halkara gatnaşyklarda öz ýoluny saýlamagy we ony giň jahana ykrar etdirmegiň jogapkärli wezipesini hem getirdi.

Şanly geçmişe sarpanyň owazy

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk taglymatlaryna eýerilip, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna ýetilen ajaýyp sepgitler Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Baky Bitaraplygymyz halkymyzyň asylly hem sagdyn maksatlara eýerýän ösüş-özgerişlerini has-da rowaçlandyrmakda, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak hakyndaky başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göteren bu şöhratly waka milli Liderimiziň dünýäde dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky belent başlangyçlarynyň halkara derejesinde doly ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Nusgalyk taglymat dünýä nur saçýar

Hormatly Prezidentimiziň ýaýbaňlandyran ynsanperwer içeri we parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän çäreleri halkymyzy maddy we ruhy taýdan galkyndyrýar, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzy has-da işjeňleşdirýär. Bu gün Türkmenistanyň dünýä derejesindäki at-abraýy barha beýgelýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik, 130-dan gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýdy, 50-ä golaý abraýly halkara guramalaryň işeňňir agzasy. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, noýabr aýynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi döwletimiziň halkara işjeňliginiň we abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir aýdyň görkezijileridir. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleriň maksady Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdyr.

Egsilmez watan gymmaty

Hepdäniň sişenbe güni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly we ýerli agzalary, DTYB-yň Diwanynyň hünärmenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. «Baky Bitarap Türkmenistan!» ady bilen geçirilen bu dabarada çuň many-mazmunly çykyşlar edilip, özara pikir alşyldy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän şygyrlar okaldy. Daşary ýurtly türkmenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda dürli ulgamlary ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ägirt uly taslamalar, sebit hem dünýä ähmiýetli başlangyçlar dogrusynda uly buýsanç hem-de çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ulag we energetika ulgamlarynda amala aşyrylan iri halkara taslamalaryň, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollarynyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň y

Buýsançly kalplaryň alkyşy

Bitarap Türkmenistan demokratik, dünýewi we hukuk döwletini berkarar etmegiň ýolunda ynamly ädimleri ädip, adam hukuklaryny üpjün etmek, umumadamzat gymmatlyklary babatda işleri kämilleşdirmek, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ynsanperwer syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň özi ynsanperwer daşary syýasatymyzda adam baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny äşgär edýär. Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň baýramy bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar. Gawhar ATAŽANOWA, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy:

Berkararlyk sütüni

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. BMG-niň şol wagtdaky agzalary bolan 185 döwlet Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan ykrar etdi. Bu Türkmenistan üçin uly taryhy waka hökmünde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan örän ähmiýetli syýasy üstünlikleriniň biridir. Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasy we beýleki kanunçykaryjy namalary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki syýasatynyň logiki dowamy bolup, BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen kesgitlenýär. Döwletimiziň kanun esasynda berkidilen Bitaraplyk syýasaty belent maksatlary nazarlaýar. «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kanunyň kabul edilmegi döwletimiziň öz syýasy ýörelgelerine berk eýerjekdigine, dürli halklaryň arasynda dost-doganlygyň berkemegine goşant goşjakdygyna güwä geçýär.

Başymyzyň penasy

Agzybir türkmen halkymyz ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen toýlar. Halkymyz 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bütin dünýäde giňden bellenilýändigine buýsanmaga haklydyr. Bu sene parahatçylyksöýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk we hoşniýetli ýörelgeleriň, umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene boldy. Şondan bäri halkymyz her ýylyň 12-nji dekabrynda baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şu günler hem bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler, dürli bäsleşikler geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenabat şäheriniň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Bitaraplyk — buýsanjymyz» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş eden ildeşlerimiz baky Bitaraplygymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, milletiň buýsanjyna öwrülen hukuk derejesidigini aýratyn bellediler. Şeýle-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler

Ýürekleriň aýdymy

Halkymyzyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirkizaman aňlatmasy bolan türkmen Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistany sebitde we dünýäde möhüm syýasy merkeze öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň we oňyn özara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp öňe sürýän ilhalar başlangyçlary-da ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy. Türkmen Bitaraplygy diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmegiň-de guralyna öwrüldi. Şeýle belent maksatlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmagy bolsa Ýer ýüzüniň halklaryny birleşdirip, röwşen geljegi berkarar etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýylyň-ýylyna Watanymyz dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan para