Bitaraplyk — baky abadançylyk

9 Dekabr 2021
1219

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň goldamagynda Türkmenistanyň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň täze guralynyň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn netijeleri bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitaraplyk häzirki we geljekki abadan ösüşimiziň aýdyň kepilidir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak bilen baglanyşykly meselelerde döwletiň işjeň garaýşyny aňladýar. Bu ýagdaý Bitaraplygyň ylalaşyk we dünýä bileleşigine goşulyşmagyň maksady we şol bir wagtda serişdesi bolup durýandygyny alamatlandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Gülşirin ÖWEZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar