Bagtyň baýramy

8 Dekabr 2021
1114

Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine subut eden ýurdumyz, bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak hem-de özara bähbitli gatnaşyk etmek ýaly ýörelgelere pugta eýermek arkaly, milli köklerimizden gaýdýan däpleri dünýä çykardy.

Taryhyň uzak menzillerinde berkarar döwlet islän halk, islegine ýetdi. Arzuwlar wysal boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň ak bagtynyň jylawy halkyň öz eline geldi. Garaşsyzlyk bagtynyň kalplarymyza köwsarladan erkinlik şemaly täze kemala gelen türkmen döwletine — Garaşsyz Türkmenistana halkara gatnaşyklarda öz ýoluny saýlamagy we ony giň jahana ykrar etdirmegiň jogapkärli wezipesini hem getirdi.

Akjagül ABAÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçasy.
Beýleki habarlar