Türkmen Bitaraplygy — parahatçylyk dessany

9 Dekabr 2021
1090

Dünýä ýüzünde iň ajaýyp ýol nesilleriň nesillere rowa görýän ýoly. Türkmen Bitaraplygynyň aýdyň alamatlary bolsa halkymyzyň milli häsiýetinde, emer-damarynda ýaşaýar. Oguz handan gaýdýan milli ýörelgesinde ýaşaýar. Oguz hanyň alty oglunyň aňyna we ganyna guýan agzybirlik, degmedige degmezlik, şäherleri talamazlyk we ejizlere sütem etmezlik, mümkinçiligi bolan halatynda, meseläni uruş-dawasyz çözmek, gatnaşygyň gerimini giňeltmek ýörelgeleriniň süňňündäki ynsanperwerlik türkmen Bitaraplygynyň özenindäki şamçyragdyr. Oguznamalardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen ynsanperwerligi «Kitaby dädem Gorkudyň», «Göroglynyň» ýörelgelerine öwrülipdir.

Şahyr göwni käte-käte heňňamlara seýle gider,
Kalby pikirden püre-pür, duýgulary gaýmagydyr,
Ynsanperwer halkymyzyň gözbaşynda — Oguz peder,
«Il bilen il bolmak» ýoly gadym türkmen saýlawydyr.
Topragy tymsaldan doly, baýdyr taryhy dükany.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».
Beýleki habarlar