Rowaçlygyň aýdyň beýany

9 Dekabr 2021
1095

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň, oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Bitaraplyk biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soňra gazanan gymmatlygymyzdyr, buýsanjymyzdyr, derejämizdir, mertebämizdir. Ol diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem ähli adamzat jemgyýeti üçin ähmiýetlidir. Muny baky Bitaraplygymyzy gazananymyzdan soňra geçen ýyllaryň dowamynda halkara gatnaşyklarynda gazanylan üstünlikler aýdyňlygy bilen subut etdi.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýer ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmek hormatyna eýe bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. Baky Bitaraplygymyz bu günki gün türkmen gudraty bolup dünýä dolýar, adamzada ýagty geljegiň, asuda, parahat durmuşyň aýdyň ýollaryny salgy berýär.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar