Berkararlyk sütüni

8 Dekabr 2021
1084

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. BMG-niň şol wagtdaky agzalary bolan 185 döwlet Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan ykrar etdi. Bu Türkmenistan üçin uly taryhy waka hökmünde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan örän ähmiýetli syýasy üstünlikleriniň biridir.

Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasy we beýleki kanunçykaryjy namalary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki syýasatynyň logiki dowamy bolup, BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen kesgitlenýär. Döwletimiziň kanun esasynda berkidilen Bitaraplyk syýasaty belent maksatlary nazarlaýar. «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kanunyň kabul edilmegi döwletimiziň öz syýasy ýörelgelerine berk eýerjekdigine, dürli halklaryň arasynda dost-doganlygyň berkemegine goşant goşjakdygyna güwä geçýär.

Ýegendurdy ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar