Rowaçlyga tarap ýol

9 Dekabr 2021
1143

Halkara hukugynda bar bolan kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, möhleti boýunça — çäklendirilmedik bolup, dartgynlylyk döwründe hem, asuda döwürde hem hereket edýär. Bitaraplygymyzyň 26 ýyly diňe türkmen döwletiniň daşary syýasy durmuş ukyplylygyna baha bermäge, saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna düşünmegi däl-de, eýsem, «Türkmenistanyň Bitaraplygy» diýen derejäniň mazmunynyň çuňlugyny beýan edýär. «Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bitaraplyk instituty döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygynyň goralmagyna we has-da berkidilmegine ýardam edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň içeri we daşary syýasatynda üýtgewsiz we takyk kybap gelmeginiň kepili bolup çykyş edýär.

Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Nejep TAÝLYÝEW,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäher prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar