Egsilmez watan gymmaty

8 Dekabr 2021
1093

Hepdäniň sişenbe güni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly we ýerli agzalary, DTYB-yň Diwanynyň hünärmenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. «Baky Bitarap Türkmenistan!» ady bilen geçirilen bu dabarada çuň many-mazmunly çykyşlar edilip, özara pikir alşyldy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän şygyrlar okaldy.

Daşary ýurtly türkmenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda dürli ulgamlary ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ägirt uly taslamalar, sebit hem dünýä ähmiýetli başlangyçlar dogrusynda uly buýsanç hem-de çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ulag we energetika ulgamlarynda amala aşyrylan iri halkara taslamalaryň, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollarynyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna baýramçylyk gutlaglaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar