Şanly geçmişe sarpanyň owazy

8 Dekabr 2021
916

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk taglymatlaryna eýerilip, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna ýetilen ajaýyp sepgitler Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Baky Bitaraplygymyz halkymyzyň asylly hem sagdyn maksatlara eýerýän ösüş-özgerişlerini has-da rowaçlandyrmakda, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak hakyndaky başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göteren bu şöhratly waka milli Liderimiziň dünýäde dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky belent başlangyçlarynyň halkara derejesinde doly ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar