Başymyzyň penasy

8 Dekabr 2021
1116

Agzybir türkmen halkymyz ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen toýlar. Halkymyz 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bütin dünýäde giňden bellenilýändigine buýsanmaga haklydyr. Bu sene parahatçylyksöýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk we hoşniýetli ýörelgeleriň, umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly sene boldy. Şondan bäri halkymyz her ýylyň 12-nji dekabrynda baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şu günler hem bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler, dürli bäsleşikler geçirilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenabat şäheriniň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Bitaraplyk — buýsanjymyz» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş eden ildeşlerimiz baky Bitaraplygymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, milletiň buýsanjyna öwrülen hukuk derejesidigini aýratyn bellediler. Şeýle-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bizi şeýle bagtyýar, asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.

Güljan DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar