"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Baş konsuly Nury Gölliýew we Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow sişenbe güni geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň işiniň güýçlendirilmegi, Astrahan oblastynyň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawynyň ýola goýulmagy, Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi bilen baglydygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini we geçen 2022-nji ýylyň bolsa Astrahan oblasti bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýan ýyl bolandygyny bellediler. Bu barada Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Halkara bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ugry bilen

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl Garaşsyzlygymyzyň hem Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmak, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesilleri Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga berlen bu ýylda gazanylan ähli ösüşler, dünýä dolan abraý-mertebämiz, abadan, bagtyýar durmuşymyz üstünlikli amala aşyrylan içeri we daşary syýasatyň, giň gerimli maksatnamalaryň, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başy başlanan işler hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirildi. Häzirki wagtda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty hem-de giň gerimli özgertmeler umumadamzat gymmatlyklaryny, taryhy tejribäni, türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň geljegini nazara almak bilen amala aşyrylýar. Şunda bilim ulgamynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bilim islendik jem

Türkmen-hytaý dostluk ýoly

bilelikdäki tagallalar bilen geljege uzaýar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyryp, Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren gepleşikleri, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 16-syna gol çekilmegi bu saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan we Hytaýyň arasynda 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilen senesinden bäri geçen 10 ýyla golaý döwür bu resminamanyň iş ýüzünde özara bähbitli taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine ýardam edendigini görkezdi.

Energetika ulgamy ösüşiň täze belentliklerinde

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň energetika ulgamy giň gerim bilen ösdürilip, häzirki wagtda bu pudagyň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasaty yzygiderli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglanyşykly bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyran ilkinji döwlet sapary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Möhüm halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen eziz Diýarymyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy söwda ýollarynyň dikeldilmegi boýunça beýik başlangyçlar öňe sürlüp, Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu bolsa Hytaý tarapynyň öňe sürýän «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyjy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Türkmenistan we Eýran energiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň Ykdysady diplomatiýa boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Mahdi Safari duşenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag we üstaşyr pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Eýran we Russiýa Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar

Tähran we Moskwa Eýrandaky Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagy boýunça gepleşik geçirdiler. Bu barada Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Şahriar Afandizadehiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi. Şahriar Afandizadehiň aýtmagyna görä, Eýran Raşt-Astara demirýol taslamasyna Russiýanyň nähili ýagdaýda gatnaşjakdygyny we maýa goýjakdygyny kesgitlemek üçin teklip edilýän 16 maddalyk Memorandumy hödürledi.

Türkmenistan bilen Hytaý kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistan kosmos pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde anna güni çap edilen makalasynda aýdylýar. «Häzirki wagtda biz Hytaý bilen parahatçylyk maksatlarynda kosmos giňişligini öwrenmek we peýdalanmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ulgamyny açýarys. Biz üçin täze ugur bolan bu pudagy döretmäge ýardam berýändigi üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirýäris. Bu pudagyň ylymda we tehnikada häzirki zaman dünýäsiniň gazananlaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň bähbidine üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris» diýlip, makalada bellenilýär.

Uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika, tehnologiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklere eýedir. Nebitgaz pudagy ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň ilkinji günlerinde bu dostlukly ýurda amala aşyran döwlet sapary diňe bir türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bilen däl, eýsem, häzirki şertlerde bilelikdäki tagallalar arkaly ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakda hem uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde, döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji saparynyň wakalaryna şaýat bolmak bize-de miýesser etdi. Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwat

Döwürleri we halklary baglanyşdyrýan ýol

«Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyn diýp bardygym...»Magtymguly Pyragy. Iki çyn dostuň arasynda elmydama birek-birege sylag-da, hormat-da başgaça bolýar. Taryhyň islendik döwründe bolşy ýaly, häzirki wagtda hem dostlugyň gymmatyna gadyr goýýan ynsan üçin onuň geljegi ýagtydyr, nurlydyr. Ol hemişe-de şeýle bolmagynda galar. Dostluk — bu külli adamzadyň islegi! Goja heňňam durmuş çarhyny näçe aýlasa-da, adamlary ýakynlaşdyrýan dostluk düşünjesi aňdan aýrylmaýan adatdyr hem güýçdür. Çünki dünýäniň abatlygy dostluk sütünleriniň berkligindedir, pugtalygyndadyr. Sütünleriň sarsmazlygy bolsa, ynamdadyr, ygrardadyr, ylalaşykdadyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Täze, 2023-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn, şeýle-de Siziň täze ýyl mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Size täze ýylda berk jan saglyk we üstünlik arzuw edýärin.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 5-6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. 6-njy ýanwarda, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygynyň bellenilen gününde bolsa türkmen we hytaý Liderleri gepleşikleri geçirip, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýandygyny yglan etdiler. Munuň özi aýratyn mana eýedir. Hytaý-türkmen gatnaşyklarynda täze öňegidişlikleri gazanmak, ilkinji nobatda, iki ýurduň Liderleriniň strategik ýolbaşçylygy bilen baglanyşyklydyr. 2022-nji ýylyň başynda Hytaýyň we Türkmenistanyň Baştutanlary diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn usulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşdylar, Pekinde guralan gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde ýüzbe-ýüz görnüşde duşuşdylar. Olar yzygiderli strategik gatnaşyklary saklamak bilen, hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýärler, dürli ulgamlarda özara hereketleri ösdürmäge kuwwatly it

Parlament diplomatiýasy ilerledilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrýan özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de olary parlament meýdançalarynda wagyz etmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu günki günde dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklarymyz parlament diplomatiýasy arkaly has-da berkidilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna başlyklyk etmegi, onuň döwlet işindäki köpýyllyk durmuş tejribesi milli parlamentiň işini has kämil derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýokary derejede geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny aýratyn nygtap, döwletara gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmaga uly goşant goşan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähmiýetli işlerine mynasyp baha bermegi bizi örän begendirdi.

Türkmen-hytaý gatnaşyklary: Ynsanperwerlik. Dostluk. Ösüş

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwarda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar bolsa türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ozaldan hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz saparyň öň ýanynda Hytaýyň abraýly neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip: «Häzirki wagtda eýýäm ýüzlerçe däl-de, müňlerçe türkmen talyby Hytaýda ýokary bilim aldylar we alýarlar. Türkmenistanlylaryň bu nesli iki halky hem-de döwleti has-da ýakynlaşdyrmak, gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek ugrunda asylly işleri dowam etdirijilerdir. Biz Hytaýyň Hökümetine ýaşlarymyza diňe bir hytaý dilini öwretmek üçin däl-de, dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdardyrys» diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlyg

Pekin duşuşygy halkara habarlar giňişliginde

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary halkara media giňişliginde uly gyzyklanma döretdi. Iri habarlar agentlikleri, metbugat neşirleri, teleýaýlymlardyr internet saýtlary arkaly ýaýradylan habarlarda saparyň wakalary jikme-jik beýan edilip, bilermenlerdir žurnalistler Pekin duşuşygynyň netijelerine örän ýokary baha berdiler. Şol günlerde habardyr makalalary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bilen bagly sözbaşylar bezese, ýurduň merkezi teleýaýlymlary köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüş tapgyrlaryna bagyşlanan wideorolikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri tomaşaçylaryň millionlarçasyna ýetirdiler.

Türkmenistan lokomotiwleri satyn almak üçin Hytaý kompaniýasy bilen 30 million dollarlyk şertnama baglaşdy

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz. Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen «Railway» mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Döwletli sapar: bilelikdäki tagallalar, oňyn netijeler (Ýaş žurnalistiň sözi)

Iki adamy ykbal, iki halky taryh ýakynlaşdyrýar. Türkmen-hytaý gatnaşyklary. Asyl-ha, gatnaşyklar-a däl, şu söz düzümiň özi hem gadymy. Çünki taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda hem şol döwürler diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Bu gatnaşyklar şu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary bilen dowamat-dowam tapýar. * * *

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm wakalary dostlukly ýurtlaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar

Arada ýatan uzak menzilleriň iki dostlukly ýurduň birek-birege goýýan hormatyna, olaryň ysnyşykly gatnaşyklaryna birjik-de täsirini ýetirmeýändigine biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ýylyň ilkinji günlerinde Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan döwlet saparynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähribanlyk bilen garşy alynmagy, howa menzilinden türkmen wekiliýeti üçin niýetlenen kabulhana çenli ýoluň gyrasynda mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň Döwlet baýdaklarynyň pasyrdap durmagy, şeýle-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynda gazanylan ylalaşyklar munuň şeýledigini doly tassyklady. Gadymy Çyn-Maçynda täze başlangyçlar

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri: ösüşlere tarap bilelikde

Türkmen halky hemişe-de goňşy we doganlyk halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlykda bolup gelipdir. Muňa Beýik Ýüpek ýoly arkaly dowam edip gelýän ata-babalarymyzyň dostana gatnaşyklary hem aýdyň mysaldyr. Iki dostuň ýa-da iki goňşynyň gadyrly gatnaşyklary, olary has-da jebisleşdirýär, birek-birege ýakynlaşdyrýar. Bu döwletler babatda-da şeýle. Halklaryň arasyndaky ygtybarly, dostana gatnaşyklaryň köp babatda döwletleriň agzybirligine, ösüşine täsir edýändigini durmuş hakykaty subut edip gelýär. Halkymyz: «Aý dogsa, älem görer» diýýär. Özüniň dost-doganlyk garaýyşlary, öňdengörüjilikli syýasaty, pähim-paýhasy bilen diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin dynuwsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä ýüzüne äşgärdir. Täze ýylyň ilkinji günlerinde, ýagny 5-6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet sapary türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze gözýetimleri açdy. Çyn-Maçyn ady bilen Magtymgulynyň şygyrlarynda ýaňlanan, halkyň döreden eserlerinde mynasyp orun alan Hytaý çalt depginde ösýän döwletleriň hatarynda bütin dünýäde tanalýar. Bu döwlet dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmek bilen, öndüriji güýji bolan müňlerçe hususy kompaniýalary öz çäginde jemleýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň köpugurly gatnaşyklary köküni müňýyllyklar

Türkmenistan bilen Hytaý özara ulag infrastrukturasyny döretmäge taýýar

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki beýanyna görä, ýurtlar transport infrastrukturasyny döretmäge taýýar. Pekindäki gepleşiklerden soň, bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň başlygy Si Szinpin gol çekdi. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» habar berýär. Taraplar resminamada infrastruktura birikmesiniň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň täze ösüş nokadydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasynyň utgaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurlygy, iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy we serhetara ulaglaryň, uçuşlaryň sanyny we demirýol konteýner otlylarynyň daşalýan mukdaryny artdyrmak özara bähbitlidigi nygtaldy. Şeýle-de Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran we halkara multimodal transport Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan, SARES, OSŽD-niň çäginde aragatnaşyklary we beýleki köptaraplaýyn mehanizmleri dowam etdirmek bellenilip geçildi.