Döwürleri we halklary baglanyşdyrýan ýol

10 Ýanwar 2023
355

«Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyn diýp bardygym...»
Magtymguly Pyragy.

Iki çyn dostuň arasynda elmydama birek-birege sylag-da, hormat-da başgaça bolýar. Taryhyň islendik döwründe bolşy ýaly, häzirki wagtda hem dostlugyň gymmatyna gadyr goýýan ynsan üçin onuň geljegi ýagtydyr, nurlydyr. Ol hemişe-de şeýle bolmagynda galar. Dostluk — bu külli adamzadyň islegi! Goja heňňam durmuş çarhyny näçe aýlasa-da, adamlary ýakynlaşdyrýan dostluk düşünjesi aňdan aýrylmaýan adatdyr hem güýçdür. Çünki dünýäniň abatlygy dostluk sütünleriniň berkligindedir, pugtalygyndadyr. Sütünleriň sarsmazlygy bolsa, ynamdadyr, ygrardadyr, ylalaşykdadyr.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».