Halkara bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ugry bilen

12 Ýanwar 2023
507

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl Garaşsyzlygymyzyň hem Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmak, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesilleri Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga berlen bu ýylda gazanylan ähli ösüşler, dünýä dolan abraý-mertebämiz, abadan, bagtyýar durmuşymyz üstünlikli amala aşyrylan içeri we daşary syýasatyň, giň gerimli maksatnamalaryň, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başy başlanan işler hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirildi.

Häzirki wagtda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty hem-de giň gerimli özgertmeler umumadamzat gymmatlyklaryny, taryhy tejribäni, türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň geljegini nazara almak bilen amala aşyrylýar. Şunda bilim ulgamynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bilim islendik jemgyýetiň we döwletiň geljekki ösüşleriniň binýady hasaplanýar. Şoňa görä, ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlyga döwletara gatnaşyklaryň hem möhüm bölegi hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleriň beýan edilmegi, ýokary okuw mekdepleriniňdir ylmy-barlag merkezleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi bu ugurda täze mümkinçiliklere ýol açdy.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň bilim ministri.