Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri: ösüşlere tarap bilelikde

9 Ýanwar 2023
416

Türkmen halky hemişe-de goňşy we doganlyk halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlykda bolup gelipdir. Muňa Beýik Ýüpek ýoly arkaly dowam edip gelýän ata-babalarymyzyň dostana gatnaşyklary hem aýdyň mysaldyr. Iki dostuň ýa-da iki goňşynyň gadyrly gatnaşyklary, olary has-da jebisleşdirýär, birek-birege ýakynlaşdyrýar. Bu döwletler babatda-da şeýle. Halklaryň arasyndaky ygtybarly, dostana gatnaşyklaryň köp babatda döwletleriň agzybirligine, ösüşine täsir edýändigini durmuş hakykaty subut edip gelýär. Halkymyz: «Aý dogsa, älem görer» diýýär. Özüniň dost-doganlyk garaýyşlary, öňdengörüjilikli syýasaty, pähim-paýhasy bilen diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin dynuwsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä ýüzüne äşgärdir.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde, ýagny 5-6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet sapary türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze gözýetimleri açdy. Çyn-Maçyn ady bilen Magtymgulynyň şygyrlarynda ýaňlanan, halkyň döreden eserlerinde mynasyp orun alan Hytaý çalt depginde ösýän döwletleriň hatarynda bütin dünýäde tanalýar. Bu döwlet dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmek bilen, öndüriji güýji bolan müňlerçe hususy kompaniýalary öz çäginde jemleýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň köpugurly gatnaşyklary köküni müňýyllyklardan alyp gaýdyp, Beýik Ýüpek ýoly bilen hyzmatdaşlygyň irki görnüşini taryhyň sahypalaryna ýazdy. Ondan bäri ençeme ýyllar, döwürler, döwranlar dolandy. Häzirki wagtda halklaryň, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar ýygjamlaşyp, giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi» atly kitabynda şeýle garaýyşlar beýan edilýär: «Dünýäde iri gazgeçiriji bolan Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisi ýurtlaryň, halklaryň arasynda dostana gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen, döwrebap şertlerde syýasy-ykdysady, medeni gatnaşyklarda täzeden dörän «Beýik Ýüpek ýoludyr». Gahryman Arkadagymyz halkara gaz magistralyna uly ähmiýet bermek bilen, energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy döwletleriň: öndürijileriň, sarp edijileriň, üstaşyr geçirijileriň bähbitli taraplaryny, ýagny bu taslamanyň hyzmatdaşlyga gatnaşyjy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerine, ýurtlaryň gülläp ösüşine, sebitiň durnuklylygyny saklamagyna iň zerur şertdigini, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde diýseň ähmiýetli halkara derejeli uly taslamadygyny nygtaýar.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.