Pekin duşuşygy halkara habarlar giňişliginde

10 Ýanwar 2023
484

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary halkara media giňişliginde uly gyzyklanma döretdi. Iri habarlar agentlikleri, metbugat neşirleri, teleýaýlymlardyr internet saýtlary arkaly ýaýradylan habarlarda saparyň wakalary jikme-jik beýan edilip, bilermenlerdir žurnalistler Pekin duşuşygynyň netijelerine örän ýokary baha berdiler. Şol günlerde habardyr makalalary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bilen bagly sözbaşylar bezese, ýurduň merkezi teleýaýlymlary köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüş tapgyrlaryna bagyşlanan wideorolikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri tomaşaçylaryň millionlarçasyna ýetirdiler.

(Ýörite habarçymyz).