Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm wakalary dostlukly ýurtlaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar

9 Ýanwar 2023
394

Arada ýatan uzak menzilleriň iki dostlukly ýurduň birek-birege goýýan hormatyna, olaryň ysnyşykly gatnaşyklaryna birjik-de täsirini ýetirmeýändigine biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ýylyň ilkinji günlerinde Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan döwlet saparynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähribanlyk bilen garşy alynmagy, howa menzilinden türkmen wekiliýeti üçin niýetlenen kabulhana çenli ýoluň gyrasynda mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň Döwlet baýdaklarynyň pasyrdap durmagy, şeýle-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynda gazanylan ylalaşyklar munuň şeýledigini doly tassyklady.

Gadymy Çyn-Maçynda täze başlangyçlar

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».