Parlament diplomatiýasy ilerledilýär

10 Ýanwar 2023
594

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrýan özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de olary parlament meýdançalarynda wagyz etmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu günki günde dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklarymyz parlament diplomatiýasy arkaly has-da berkidilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen subut etdi.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna başlyklyk etmegi, onuň döwlet işindäki köpýyllyk durmuş tejribesi milli parlamentiň işini has kämil derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýokary derejede geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny aýratyn nygtap, döwletara gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmaga uly goşant goşan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähmiýetli işlerine mynasyp baha bermegi bizi örän begendirdi.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň başlygy.