Uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlykda möhüm ädim

11 Ýanwar 2023
467

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika, tehnologiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklere eýedir. Nebitgaz pudagy ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň ilkinji günlerinde bu dostlukly ýurda amala aşyran döwlet sapary diňe bir türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bilen däl, eýsem, häzirki şertlerde bilelikdäki tagallalar arkaly ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakda hem uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde, döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji saparynyň wakalaryna şaýat bolmak bize-de miýesser etdi. Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwata eýedir» diýip belledi. Şunda türkmen tarapy häzirki wagtda hytaý ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberini has-da köpeltmäge taýýardygyny tassyklaýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Çünki XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna getirdi.

Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.