Energetika ulgamy ösüşiň täze belentliklerinde

11 Ýanwar 2023
473

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň energetika ulgamy giň gerim bilen ösdürilip, häzirki wagtda bu pudagyň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasaty yzygiderli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglanyşykly bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyran ilkinji döwlet sapary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Möhüm halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen eziz Diýarymyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy söwda ýollarynyň dikeldilmegi boýunça beýik başlangyçlar öňe sürlüp, Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu bolsa Hytaý tarapynyň öňe sürýän «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyjy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

«Esger».