Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi

12 Ýanwar 2023
484

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Baş konsuly Nury Gölliýew we Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow sişenbe güni geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň işiniň güýçlendirilmegi, Astrahan oblastynyň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawynyň ýola goýulmagy, Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi bilen baglydygyny belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini we geçen 2022-nji ýylyň bolsa Astrahan oblasti bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýan ýyl bolandygyny bellediler. Bu barada Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.