Türkmen-hytaý gatnaşyklary: Ynsanperwerlik. Dostluk. Ösüş

10 Ýanwar 2023
473

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwarda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar bolsa türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ozaldan hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz saparyň öň ýanynda Hytaýyň abraýly neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip: «Häzirki wagtda eýýäm ýüzlerçe däl-de, müňlerçe türkmen talyby Hytaýda ýokary bilim aldylar we alýarlar. Türkmenistanlylaryň bu nesli iki halky hem-de döwleti has-da ýakynlaşdyrmak, gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek ugrunda asylly işleri dowam etdirijilerdir. Biz Hytaýyň Hökümetine ýaşlarymyza diňe bir hytaý dilini öwretmek üçin däl-de, dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdardyrys» diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine şaýatlyk edýär.

Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.