Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

10 Ýanwar 2023
497

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 5-6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. 6-njy ýanwarda, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygynyň bellenilen gününde bolsa türkmen we hytaý Liderleri gepleşikleri geçirip, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýandygyny yglan etdiler. Munuň özi aýratyn mana eýedir.

Hytaý-türkmen gatnaşyklarynda täze öňegidişlikleri gazanmak, ilkinji nobatda, iki ýurduň Liderleriniň strategik ýolbaşçylygy bilen baglanyşyklydyr. 2022-nji ýylyň başynda Hytaýyň we Türkmenistanyň Baştutanlary diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn usulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşdylar, Pekinde guralan gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde ýüzbe-ýüz görnüşde duşuşdylar. Olar yzygiderli strategik gatnaşyklary saklamak bilen, hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýärler, dürli ulgamlarda özara hereketleri ösdürmäge kuwwatly itergi berýärler.

Sýan NAÝÇEN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.