"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Tender

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy TDHÇMB-niň işini sanlylaşdyrmak üçin gerekli bolan çözgütleriň işlenip düzülmegi we ornaşdyrylmagy üçin açyk tender geçirýär. Ýurtda öň kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, biržanyň sanlylaşdyrylmagy geleşikleriň amala aşyrylmagynyň tizleşdirilmegine, eksport baradaky şertnamalaryň sanynyň artmagyna we bäsleşige ukyply türkmen önümleriniň daşary ýurda iberilmeginiň artdyrylmagy üçin gerekli şertleriň döredilmegine ýardam etmelidir. Tendere gatnaşmak üçin 10-njy fewraldan başlap, kompaniýalar şu salga ýazmaça ýüz tutmalaryny tabşyrmalydyrlar: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 52, TDHÇMB. Teklipler 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da we­la­ýat Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň Sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Öz­bek-türk­men dost-do­gan­lyk gat­na­şy­gy­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çy­kyş­lar­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň we ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ony öz wag­tyn­da be­jer­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar­lar. Öz­be­gis­tan­dan Türk­me­nis­ta­na «Tiz kö­mek» aw­toulag­la­ry­nyň ibe­ril­me­gi iki ýur­duň dost­luk­ly gat­na­şy­gy­nyň oňyn ne­ti­je­si­dir.

Me­de­ni­ýet halk­la­ryň dost­luk köp­rü­si­dir

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Şeý­le hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len hem ös­dü­ril­ýär, hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ge­çen ta­ry­hy dö­wür­ler­de iki döw­le­tiň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nyl­dy. Ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi­ni, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry bel­le­mek ge­rek. Türk­me­nis­tan we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, il­kin­ji no­bat­da, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi, iki ýur­duň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, şeý­le-de türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gyn­da uly tas­la­ma­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy ug­run­da üs­tün­lik­li iş­leri al­yp ba­rarlar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­myz tä­ze tap­gy­ra ga­dam bas­ýar. Mu­ny goň­şy Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len kö­pu­gur­ly, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa goý­mak­ly­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry­my­zyň my­sa­lyn­da-da aýt­mak bo­lar.

Yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­syn­da ta­ry­hy, me­de­niýeti ba­bat­da köp umu­my­lyk­la­ra eýe bo­lan arap ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň bi­ri hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar döw­let­le­ri, şol san­da BAE ýa­ly arap dün­ýä­si­niň ab­raý­ly hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýur­dy bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­gi Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da BAE bi­len dost­luk gat­na­şyk­lar has-da ber­ke­ýär. Türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­nyň dep­gin­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýo­ka­ry de­re­je­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän, yna­ma esas­la­nan sy­ýa­sy gep­le­şik­ler ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ge­çen ýy­lyň 21-22-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­de ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ta­ry­hy­nyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry­nyň bi­ri­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şol res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­na we beý­le­ki mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň 12-si­ne gol çe­ki­len­di­gi­ni, şol res­mi­na­ma­la­ryň b

Aşgabat şäherinde eýran önümleriniň sergisi geçiriler

15-17-nji fewral günlerinde Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi geçiriler. Eýranyň Halkara sergiler birleşiginiň başlygy Said Seýfiniň habar bermegine görä, bu sergä gatnaşmak üçin eýýäm 70-e golaý kompaniýa hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti bilen duşuşdy

Ozaldan habar berlişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär. Şu gün Milli Liderimiz BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Gepleşiklerde iki döwletiň ozaldan gelýän ylalaşyklarynyň netijesinde alnyp barylýan işler şeýle-de geljekki bilelikde durmuşa geçiriljek maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr. Häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýip belledi. BAE-niň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki resmi saparynyň uly ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň elmydama netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Şeýh Zaýed» metjidine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ilkinji gününde Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly alty metjidiň biri hasaplanýan «Şeýh Zaýed» metjidine baryp, aýat-töwir okady. Bu metjit Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkmenistanyň Müftisi bu beýik ynsanyň mawzoleýine - aramgähine baryp, ony hatyralaýarlar. Allanyň öýünde Gahryman Arkadagymyz: «Hakyda – milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir» diýip belledi. Bilşimiz ýaly, halklaryň arasyndaky birmeňzeş däp-dessurlar taryhyň çuňluklaryndan gaýtmak bilen, şu günki gün dost-doganlygyň ebedi nyşany hökmünde şöhlelenýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň esasynda ýurdumyz dürli ugurlarda işjeň gatnaşyklary saklamak bilen, umumadamzadyň durnukly ösüşini gazanmak babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edýär. Arkadagly Serdarymyz Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda dünýä bileleşiginiň öňünde möhüm teklipleri öňe sürýär. Teklipler halklar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, taryhy ykrarnamalara eýe bolýar. Bu bolsa döwletimiziň at-abraýyny belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dostluk gatnaşyklaryny barha berkitmek bilen, ösüşiň täze gözýetimlerini açar. Şol sanda iki ýurduň parlament gatnaşyklaryny has-da öňe ilerletmekde möhüm ädim bolar.

Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.  Okuwa gatnaşyjylar deňiz ulagy babatyndaky Halkara deňiz guramasy tarapyndan kabul edilen birnäçe konwensiýalar bilen tanyş boldular.  Şeýle hem olar gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmek boýunça dürli çäreler we usullar, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, olaryň tejribede ulanylyş düzgünleri bilen tanyş boldular. 

Türkmenistana Pakistanyň portlaryndan peýdalanmak teklip edildi

Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly bolmagynda galýar. Bu barada Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Raja Perwez Aşraf, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Pakistan tarapy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Döwlet ministri Musadik Mälikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan Türkmenistanda geçirilen netijeli gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklara ýokary ähmiýet berýär. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerini ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn söwdany giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana Pakistanyň Gwadar, Ben-Kasym we Karaçi deňiz portlaryndan peýdalanmak arkaly Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny açmak teklip edildi.

Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden Russiýa çykmagy meýilleşdirýär

Golaýda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň Russiýa çykmaga mümkinçilik berjek günorta ulag geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde işleýändigi barada habar berildi. Bu geçelge Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinden Özbegistana, Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzine we Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahana çenli uzar. Täze ugur ulag we logistika geçelgelerini birleşdirer we özara söwdanyň mukdaryny artdyrar. Taslamanyň üstünde ulag we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem ýük daşaýjylar işleýär diýip, gyrgyz elektron neşirlerinde habar berilýär.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Eziz Diýarymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyç, elbetde, halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy öňe sürýän we ony işjeň ilerledýän Bitarap Türkmenistana degişlidir. 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç häzirki şertlerde örän möhümdigi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, özbaşdaklyga hormat goýmak, serhetleriň mizemezligi ýaly milli ýörelgeleriň ajaýyp sypatlaryny öz içine alýar. Ol halkara harby bileleşiklere hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk, dini ynançlara hormat goýmak, açyklyk, gepleşikler arkaly tutuş taryhyň dowamynda ýüze çykan has çylşyrymly meseleleri çözmäge taýýarlyk düşünjelerini hem özünde jemleýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini gö

Türkmen-özbek gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi, onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Halkara medeni hyzmatdaşlyk giňeldilýär

6-njy fewralda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem 2023-nji ýylyň iş meýilnamasynda bellenilen wezipeler barada maglumat berildi.

Dostluk daragty gülleýär

Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýmak, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek arkaly täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muny Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglaryň gelip gowuşmagy hem tassyklaýar. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy.

ÝUNESKO: Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

Hoşniýetli gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr. Şunuň ýaly asylly işiň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna laýyk 30 ýylyň dolan gününe gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe gutlag hatyny iberdiler.

Fransiýanyň «Bureau Veritas” klassifikasion jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk täze sepgitlere çykýar

Häzirki wagtda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýetiniň arasynda (BV) baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk dowam edilýär. Ýaňy ýakynda BV-niň guramagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyryp, «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Habarlar halkara giňişlikde

Minskde diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi Ýakynda Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew, ýurduň Milli Ýygnagynyň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Minskde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylym, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle-de bu ýurtda ýaşaýan türkmenler çäräniň hormatly myhmanlary boldular.

Hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly ýörelgelere ygrarlylyk

Şu ýyl Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen-özbek döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürildi we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Bu şanly senäniň bellenilen gününde — 7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda-da ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany birek-biregi Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplaryň umumy pikirine görä, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen yzygiderli b