Türkmen halkynyň Milli Lideri «Şeýh Zaýed» metjidine bardy

11 Fewral 2023
803

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ilkinji gününde Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly alty metjidiň biri hasaplanýan «Şeýh Zaýed» metjidine baryp, aýat-töwir okady. Bu metjit Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkmenistanyň Müftisi bu beýik ynsanyň mawzoleýine - aramgähine baryp, ony hatyralaýarlar.

Allanyň öýünde Gahryman Arkadagymyz: «Hakyda – milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir» diýip belledi. Bilşimiz ýaly, halklaryň arasyndaky birmeňzeş däp-dessurlar taryhyň çuňluklaryndan gaýtmak bilen, şu günki gün dost-doganlygyň ebedi nyşany hökmünde şöhlelenýär.

Birleşen Arap Emirlikleri, Abu-Dabi şäheri.