Halkara medeni hyzmatdaşlyk giňeldilýär

11 Fewral 2023
318

6-njy fewralda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem 2023-nji ýylyň iş meýilnamasynda bellenilen wezipeler barada maglumat berildi.

"Nesil".