Habarlar halkara giňişlikde

10 Fewral 2023
519

Minskde diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi

Ýakynda Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew, ýurduň Milli Ýygnagynyň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Minskde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylym, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle-de bu ýurtda ýaşaýan türkmenler çäräniň hormatly myhmanlary boldular.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».