Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şeýle hoşniýetli gatnaşyklar Eýran Yslam Respublikasy bilen hem ösdürilýär, hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen taryhy döwürlerde iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň ýokary görkezijileri gazanyldy. Netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşini, medeni gatnaşyklary bellemek gerek.
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, şeýle-de türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda uly taslamalaryň artdyrylmagy ugrunda üstünlikli işleri alyp bararlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dost-doganlyk gatnaşyklarymyz täze tapgyra gadam basýar. Muny goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly, birek-birege hormat-sarpa goýmaklyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň mysalynda-da aýtmak bolar.