Türkmenistana Pakistanyň portlaryndan peýdalanmak teklip edildi

11 Fewral 2023
553

Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly bolmagynda galýar. Bu barada Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Raja Perwez Aşraf, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Pakistan tarapy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Döwlet ministri Musadik Mälikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan Türkmenistanda geçirilen netijeli gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklara ýokary ähmiýet berýär. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerini ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn söwdany giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana Pakistanyň Gwadar, Ben-Kasym we Karaçi deňiz portlaryndan peýdalanmak arkaly Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny açmak teklip edildi.