ÝUNESKO: Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

10 Fewral 2023
436

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

«Watan».